Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgiýa: Musulmanlarda gorky döreýär


Brýusseldäki metjit.
Brýusseldäki metjit.

Belgiýada ýaşaýan musulmanlarda ýurtda yslama garşy barha möwjeýän ýagdaý sebäpli gorky döreýär.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Parižde bolan terrorçylykly hüjümlerden soň Belgiýada musulmanlar üçin gaty hupbatly döwür başlandy. Polisiýa ol hüjümleriň sebäpkärleriniň Brýusselden gelendigini bildirýär. Brýussel hökümeti bolsa, şübhelenilýänleri gözläp tapmak, howpsuzlyk çäreleriniň has pugtalandyrylmagy we öýlerde geçirilýän barlag işlerini bes edenok.

Çarşenbe agşamy ýurtda iň aýylganç terrorçylykly hüjümiň gurnalmagyndan soň, Belgiýada ýaşaýan musulmanlar indi mundan beýläk özlerine garşy has şübheli we äsgermezçilikli garalmagyndan howatyrlanýarlar.

Antwerpende ýaşaýan asly Marakeşden bolan bilermen Nabil Riffi, Antwerpen we Gent ýaly flamand şäherlerinde yslama garşy gurnalan ýörişleriň häzirlikçe o diýen giň gerimli bolmasa-da, munuň geljekde hasam möwjäp biljekdigine aýratyn ünsi çekýär. Onuň aýtmagyna görä, Flamandiýada "Pegida" toparynyň geçirýän çäreleriniň howply derejä ýetjekdigi ikuçsuzdyr.

Gözleg-agtaryş işleri

Brýusseliň Zawentem atly aeroportunda bombaly partlama gurnamakda aýyplanýan üçünji şübheli adamynyň gözleg-agtaryş işleri Brýusseliň musulmanlarynyň köpçülikleýin ýaşaýan ýeri bolan "Schaerbeek" atly mähellesinde alnyp barylýar.

Howpsuzlyk işgärleri çarşenbe güni agşam gurnalan reýdleriň birinde içine çüý doldurylan partlaýjy enjamyň üstüni açypdyrlar. Ol partlaýjy enjamyň ýasalyşy aeroportda partladylan bombalaryň biriniň ýasalyşyna gaty meňzeş eken. Belgiýanyň metbugaty, özüniň sülçülere salgylanyp çap eden maglumatynda, polisiýanyň ol ýerde "Yslam döwleti" atly toparyň gara baýdagyny hem tapandygyny habar berýär.

13-nji noýabrda Parižde gurnalan hüjümlerde aýyplanýanlaryň käbiri Belgiýada ýaşaýar. 27 ýaşyndaky Belgiýanyň raýaty Abdelhamid Abaaoud anna güni Brýusselde geçirilen reýdler mahalynda tussag edilipdir.

Şygar

Belgiýa Ýewropada musulman ilaty iň köp bolan ýurtlaryň biridir. 11 million ilata eýe bolan Belgiýanyň umumy ilatynyň ýüzden 6 göterimi musulmandyr. Şol bir wagtda-da Belgiýa iň köp ýaşaýjysy "Yslam döwleti" toparynyň hatarynda söweşýän ýurtlaryň arasynda hem birinji orunda durýar. Belgiýanyň howpsuzlyk gullugynyň hasabatyna görä, Belgiýanyň 500-den gowrak ýaşaýjysy agzalan ekstremistik topara goşulmak üçin, Siriýa we Yraga gidipdir.

Belgiýanyň musulman jemgyýetleriniň ýolbaşçylary gurnalan terrorçylykly hüjümleri berk ýazgardylar. Olar terrorçylaryň sosial agzalalygy we musulmanlara garşy duşmançylygy öjükdirmegi maksat edinendiklerini nygtaýarlar. Olar şol bir wagtyň özünde bu ýagdaýyň ekstremistlere has köp radikal söweşiji ýygnamaga mümkinçilik döretjekdigine aýratyn ünsi çekýärler.

Çarşenbe agşamy #stopIslam (Yslamy durzuň) şygary Twitter sosial ulgamynda esasy şygara öwrüldi.

Hünärmen Riffi: "Men adamlar ýagdaýa düşüner diýip umyt edýärin. Munuň [terroryň] yslam dini bilen hiç bir arabaglanyşygy ýok we musulmanlaryň ýüzden 99 göterimi bolan waka bilen özüni baglanyşdyrmaýar. Olar şol bir wagtyň özünde-de musulman belgiýalylardyr. Olar hem bolan waka ynanyp bilenoklar we çuňňur gynanç duýýarlar. Men, adamlar muňa dogry düşüner we olar [terrorçylar] bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk, olary goldamaýan we olaryň hereketine gatnaşmaýan adamlara garşy ýaman pikirde bolmaz diýip umyt edýärin" diýip nygtaýar.

XS
SM
MD
LG