Sepleriň elýeterliligi

Negew çöli


Negew çölünde döredilen hurma baglary.

Negew çölünde döredilen hurma baglary.

Bu çölüň ady müňýyllyklar bäri taryhdan düşmän gelýär. Ol beýle uly däl, Gyzyl deňiz bilen Ýerorta deňziniň aralygyny tutup dur.

Tebigat

Negew çöli daglyk hem baýyrlyga, gumluk hem şorluga örtülipdir. Köp bölegini pes daglyk jülgeler, kert gaýaly baýyrlyk örtýär. Onda çägeli, adyrsow düzlükler-de az däl. Ol dünýädäki gurak, iň suwsuz çölleriň biri saýylýar.

Birmahallar köp pygamber munuň üstünden iki ýana paý-pyýada geçipdir. Olar çölde gonupdyrlar hem çadyr gurup ýaşapdyrlar. Soňra olaryň yzlary gömlüp, ýene ýol açylypdyr.

Umga – dag tekesi. Oňa ylmy edebiýatlarda Bezoar tekesi diýilýär.

Umga – dag tekesi. Oňa ylmy edebiýatlarda Bezoar tekesi diýilýär.

Häzir alymlar bu suwsuz çölden gadymky milletleriň ýurt yzlaryny, ýaşan ýerlerini aýan edýärler. Çöldäki ýaşaýyşyň bir döräp, bir ýok bolup, mydama dowam edendigini düşündirýärler. Ýöne ol adamlaryň şeýle ýowuz şertde nädip bilim alandyklary, kitap ýazyp bilişleri entegem geň ýagdaý hasaplanýar.

Pygamberler jemgyýetiň diriligini gorap, ýaşaýşy dowam etdirmekden daşary-da, pähim-paýhasyny nesillere galdyryp bilipdirler. Olaryň paýhasy şeýle çuň bolup, ýene ençeme ýyldan milletiň başyna nähili howpuň inip biljegini aýdypdyrlar.

Göýä çölüň üstünden ýollar däl, dirilikdäki ýaşaýşyň damary çekilen ýaly. Pygamberler bolsa şol damaryň gany bolup, iki ýana hereket edipdir.

Gorky – gaçmak

Häzir bu çölde haýwanlar erkin ýaşaýarlar. Bölek-bölek bolup oturan beduin taýpalary-da bar. Dag geçileri – umga erkana gezip ýör. Olar adamdan gaçmaýarlar. Haýwan adamdan özüne howp gelmejegini duýýan bolmaly.

Yzlar hem ýollar.

Yzlar hem ýollar.

Bu erkinlik bize gorkyny ýatladýar. Gorky adamy-da, jandary-da gaçmaga mejbur edýär ahyryn. Ir zamanda ýowuz çöl gaçgynlar üçin pena ýer saýylypdyr. Başgarak pikir-garaýyşda bolanlar, höküm sürýän syýasaty goldamaýan adamlar ýowuz çöle gaçmaly bolupdyrlar.

Alymlar Duz deňziň golaýynda, dag üstünde gurlan Massady hem Kumran gowagyny aýan etdiler. Ol ýerde ýaşamag-a däl, diňe pyýadalap barmak hem aşa kyn. Ýowuz yzarlanmadan hem kowgudan gaçan millet şol ýerde-de janyny gorap bilmändir.

Beýik sapaklar

Beýle ýowuz şertde, köp halklar, dürli dinler we dürli garaýyşlar arasynda, dogry ýoly tapmak hem ýaşaýşy gorap saklamak üçin, pygamber zerur bolupdyr.

Dag tekeleri

Dag tekeleri

Il arasynda ,,Çölde Hydyr gezermiş” diýen düşünje bar. Sebäbi adamlar islendik ýowuz hem agyr şertde-de bir ruhy daýanjyň boljakdygyna ynanýarlar. Meselem, Garagum çölünde Hydyryň – bir halasgäriň bardygyny aýdýarlar.

Hydyr ata suwsuz heläk boljaklaryň dadyna ýetişip, olara suw beremiş, azaşanlara dogry ýol görkezermiş. Ýöne beýle ýalkawa mynasyp bolmagyň aşa kyndygyny, ol taýsyz ýardamyndan peýdalanmak üçin, başaryp bolmajak şertiň bardygyny-da aýdýarlar.

Ýedi ýyllap mal yzynda gezseň, hiç bir jandara sögmän-gargynman, goýna taýak urman, hyzmat edip bilseň, Hydyr atanyň duşmagy mümkinmiş.

Elbetde, bu agyr şert. Belki, bar gürrüň şondadyr, Hydyry gördüm diýýän ýa-da ,,pylany Hydyra duşupdyr” diýen maglumat ýok. Ýöne päklik, ak ýürek bilen öz käriňe hötde gelmek bar. Belki, şol arassalyk, ak ýüreklilik adamy halas edýändir.

Mukaddeslik alnymyzda

Hydyr atany tanap bolmaýar diýen gürrüň bar. Bu hem çuň manyly pikir bolsa gerek. Ol adaty adamlaryň sypatynda gezermiş. Ýöne onuň bir alamaty – sag eliniş başam barmagynyň süňki bolmazmyş. Il arasynda gowy ynsana ,,ol bir süňksüz adam” diýýärler. Şolar ýaly, elleşip görşeniňde, Hydyr atany tanamak mümkinmiş.

Negew çölünden geçip barýarkaň, şeýle pikirler hyýalyňa gelýär. Şonuň bilen birlikde, çölde pygamberleriň gezendigine ynanç oýanýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG