Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku separatistler ýaraşygy bozdy diýýär


Ýaşaýyş jaýyň harabalygy, Taliş obasy, Daglyk-Garabag, 6-nji aprel, 2016.
Ýaşaýyş jaýyň harabalygy, Taliş obasy, Daglyk-Garabag, 6-nji aprel, 2016.

Azerbaýjan Daglyk-Garabag regionynda Ermenistan tarapyndan goldanýan separatistleri ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy bozmakda aýyplady.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 7-nji aprelde ýaýradan beýannamasynda separatistleriň soňky 24 sagatda ýaraşygy 119 gezek bozandygyny aýtdy.

Goranmak ministrliginiň ýene bir beýannamasynda Ermenistanyň güýçleriniň Azerbaýjanyň Nahçiwan eksklawyny ençeme gezek oka tutandygyny habar berdi.

Nahçiwan Ermenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň arasynda ýerleşýär.

5-nji aprelde ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gelneli bäri Azerbaýjan we Daglyk-Garabagdaky separatistler “kontakt liniýasyndaky” ýagdaýyň dartgynly bolandygyny, emma asudalygyň saklanandygyny aýtdylar.

Baku we Ýerewan Daglyk-Garabag boýunça konfliktli ýagdaýda galýarlar.
2-nji aprelde başlanyp, dört günläp dowam eden söweşler esasan ermeni ilatly Daglyk-Garabag 1990-njy ýyllaryň başynda bolan uruşdan soňky döwürde iň zorlukly ýagdaýy başdan geçirdi.

XS
SM
MD
LG