Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brussel: Hüjümçi Ýewropa Parlamentinde işläpdir


Najim Laahraoui
Najim Laahraoui

22-nji martda Brusselde heläkçilikli hüjümleri amala aşyran adamlaryň biri alty ýyl mundan öň Ýewropa Parlamentiniň binasynda işledi.

Ýewropa Parlamentiniň 6-njy aprelde ýaýradan beýannamasynda bu adamyň 2009-2010-njy ýyllarda tomuslaryna arassaçylyk boýunça işgär bolup işländigini aýtdy.

Ýewropa Parlamenti onuň adyny agzamadyk hem bolsa, çeşmeler onuň 25 ýaşly Najim Laahraouidigini habar berýärler.

Prokurorlar onuň aeroporta edilen hüjümde özüni partladandygyny aýtdylar we onuň geçen ýylyň noýabr aýynda Parižde 130 adamyň ölümine sebäp bolan hüjümlerde ulanylan partlaýjy keltekçelerini ýasamakda hem güman edýärler.

XS
SM
MD
LG