Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan rewolýusiýanyň senesini belleýär


Bişkek, 7-nji aprel
Bişkek, 7-nji aprel

Gyrgyzystan halk rewolýusiýasynyň altynjy ýyl dönümini belleýär. 2010-njy ýylda köpçülikleýin çykyşlaryň netijesinde öňki prezident Kurmanbek Bakiýew wezipesinden çetleşdirilipdi.

7-nji aprel Aprel rewolýusiýasynyň resmi senesi hökmünde şu ýyl ilkinji gezek bellenýär.

Ýüzlerçe adam, şol sanda rewolýusiýada wepat bolanlaryň garyndaşlary we ýurt resmileri Bişkegiň golaýyndaky ýadygärligiň öňünde geçirilen ýörite çärä gatnaşdylar.

2010-njy ýylyň 7-nji aprelinde Bişkekde hökümete garşy geçirilen köpçülikleýin potestler zorluga öwrülipdi, howpsuzlyk güýçleri 100 çemesi adamy atyp öldüripdi. Bakiýewi ýurdy gyssagly terk edipdi.

4-nji aprelde prezident Atambaýew öz permany bilen 7-nji apreli milli baýramçylyk hökmünde ykrar etdi.

XS
SM
MD
LG