Sepleriň elýeterliligi

Düşündiriş: Daglyk-Garabag krizisiniň ähmiýeti näme?


Daglyk-Garabag sebitindäki esger. 4-nji aprel, 2016 ý.

Daglyk-Garabag sebitindäki esger. 4-nji aprel, 2016 ý.

Üstümizdäki hepdede ýüze çykan Daglyk-Garabag krizisiniň köp adamlara uzak, sowa ýerde barýan ownuk konflikt ýaly bolup görünmegi mümkin.

Ýöne Kawkazyň global energiýa söwdasynda oýnaýan roly, şeýle hem Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda dörän giň gerimli duşmançylygyň esasy regional güýçleri hem özüne çekmeginiň mümkindigi, 5-nji aprelde atyşyklary bes etmek boýunça gelnen ylalaşyk dowam etse-etmese-de, ýagdaýa göz aýlamaga ýeterlik delildir.

Azerbaýjandan başlap, Kawkazyň üsti bilen günbatara tarap gönükýän iki sany nebit we gaz geçirijisi bar. Bularyň ikisi-de Azerbaýjanyň topragynda ýerleşýän dawaly Daglyk-Garabagyň golaýyndan geçýär. Konfliktiň ýaýbaňlanmagy bu geçirijileriň ikisini-de howp astynda goýup, Ýewropanyň Hazar regionyndan peýdalanmak bilen özüniň Orsýetiň energiýa çeşmelerine bolan garaşlylygyny gowşatmak umydyny puja çykarmagy ähtimal.

Konfliktiň möwjemeginiň şol bir wagtda-da güýçli goňşy döwletleri hem özüne çekmegi mümkin. Sebäbi Ermenistanyň Orsýet bilen, Azerbaýjanyň hem Türkiýe bilen baglaşan harby geleşikleri bar.

Nebit-gaz geçirijiler

Hazar nebit-gaza baý region. Bu ýerdäki ýurtlar hem ony Ýewropa eksport etmek isleýärler. Ýöne eksport üçin diňe iki ýol bar. Olaryň biri demirgazyga gönügip, Orsýetiň içinden geçýär, beýlekisi hem Kawkazdan günorta-günbatara tarap gidýär.

Orsýetiň içinden geçýän ýol Ýewropanyň energiýa üpjünçiliginde uzagyndan Moskwadan garaşlylykdan dynmak ugrundaky arzuwyny kanagatlandyranok. Moskwanyň Gürjüstandyr Ukraina ýaly ýurtlara keseden syýasy basyş etmek üçin energiýany ençeme ýyllap gural edinmegi-de Ýewropa Bileleşiginiň Orsýete bil baglamak höwesini görnetin azaltdy.

Ýewropanyň häzirki wagtda Hazaryň energiýasyny Kawkazyň üsti bilen akdyrýan nebit-gaz geçirijilerine ähmiýet bermeginiň, geljekde şular ýaly geçirijileriň köpräk bolmagyny arzuw etmeginiň sebäbi şunda.

"Daglyk-Garabag konfliktiniň güýçlenmeginiň bu iki geçirijä ýaramaz täsir etmegi mümkin. Bular has-da beter Azerbaýjan bilen Türkiýe üçin ähmiýetli, Ýewropa we global ykdysadyýet üçin onça ähmiýetli däl" diýip, Kiprin Nikoziýa uniwersitetiniň energiýa, geosyýasat we ykdysadyýet boýunça dosenti Teodoras Tsakiris aýdýar.

Ýewropa has köp täsir etjek nebit üpjünçiligi bolar. Baku bilen Türkiýäniň Jeýhan sebitini birikdirýän geçiriji günde bir milliard barrel çemesi nebit akdyrýar. Bu nebitiň köpüsi Ýewropa, bir bölegi hem Ysraýyla gidýär.

Hazardan gelýän tebigy gazyň kesilmegi Ýewropany o diýen aladalandyrmaz. Sebäbi häzirki wagtda Azerbaýjandan günbatara tarap akýan 9 milliard kubometr gaz tutuşlygyna Türkiýäniň bazaryna siňýär. Ýöne Brýussel özüniň tebigy gaz üpjünçiliginiň takmynan üçden biri üçin Orsýete bolan garaşlylygyny aşaklatmak maksady bilen Hazar gazyna umyt baglaýar.

Ýewropa Bileleşigi özüniň "Günorta gaz korridory" strategiýasynda 2020-nji ýyldan bärde goşmaça 10 milliard kubometr gazyň täze geçirijiler bilen günorta we merkezi Ýewropa akdyrylmagyny isleýär.

Ýöne Kawkazda konflikt dowam edýärkä, täze geçiriji proýektleri, nähili hem bolsa, maliýe taýdan töwekgelçilikli plan bolup galýar.

Harby geleşikler

Daglyk-Garabag konfliktiniň salýan ýene bir howpy onuň goňşy döwletleri özüne çekmek ähtimallygydyr.

Azerbaýjan bilen NOTO agza Türkiýe 2010-njy ýylda "Strategik ýaranlyk we ikitaraplaýyn goldaw" boýunça bir geleşige gol çekişdiler. Onda taraplaryň biri harby agressiýa uçrasa, beýlekiniň, "ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp", ony goldamagy ylalaşyldy.

Iki ýurt soňra bu ylalaşygy güýçlendirip, ýylda bir gezek bilelikde harby türgenleşik hem geçirmeli etdiler. Ýerewany öten ýyl has-da beter Azerbaýjanyň anklawy Nahçiwanda Ermenistanyň günorta-gündogar serhediniň boýunda geçirilen harby türgenleşik aladalandyrdy. Bu Baku bilen bolan haýsydyr bir uly harby çaknyşykda Ýerewanyň iki frontdaky uruş bilen ýüzbe-ýüz bolmagynyň we muňa Türkiýäniň hem goşulmagynyň mümkindigini görkezdi.

Galyberse-de, Orsýetiň 1992-nji ýylda Daşkentde baglaşylan "Kollektiwleýin şertnama" esasynda Ermenistanyň tarapyny çalyp, bu konflikte goşulma mümkinçiligi-de howply. Bu ýagdaý özlerine esasy regional güýç diýip garaýan Orsýet bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlylygy artdyrar.

Ankara Baku bilen harby geleşik baglaşmak bilen doganlyk türki millete özüniň täsir sferasynyň bir bölegi diýip garaýandygyny görkezdi.

Orsýet hem Ermenistany goldamak bilen - onuň bu ýerde hemişelik ýerleşdirilen baş mün esgeri bar - Kawkaza dowamly täsir sferasy diýip garaýandygyny ozaldan aýan edip gelýär.

XS
SM
MD
LG