Sepleriň elýeterliligi

Panama ofşor işleri boýunça komissiýa döreder


Panamanyň prezidenti Juan Karlos Warela, Panama, 6-njy aprel, 2016

Panamanyň prezidenti Juan Karlos Warela, Panama, 6-njy aprel, 2016

Panamanyň prezidenti ýurduň maliýe işlerine syn etmek boýunça komissiýa döretmek ugrunda çäre görýär. Munuň öňüsyrasynda Panamanyň kanunçylyk boýunça iş alyp barýan şirketiniň dünýä liderleriniň ençemesini oňaýsyz ýagdaýa salan dokumentleriniň üsti açyldy.

“Panamanyň hökümeti daşary işler ministrliginiň üsti bilen içerki we daşary ýurtly bilermenleriň garaşsyz komissiýasyny döreder... biziň häzirki tejribelerimiziň kämilleşdirilmegi, beýleki ýurtlar bilen paýlaşyljak çäreleriň kabul edilmegi we maliýe hem kanun sistemalarynyň aýdyňlygynyň güýçlendirilmegi teklip ediler”, diýip 6-njy aprelde prezident Juan Karlos Warela aýtdy.

Panama dünýäniň baş we tanymal şahsyýetleri üçin salgyt ýeňilligi boýunça dokumentleri taýýarlaýan “Mossack Fonseca” kompaniýasynyň 11.5 million dokumentiniň paş edilmeginiň yzýany Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça guramasy tarapyndan berk tankyt edildi.

XS
SM
MD
LG