Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan: Durmuş gurýanlar WIÇ synagyndan geçer


Durmuş toýy, Lebap

Durmuş toýy, Lebap

Türkmenistan durmuş gurmak hakyndaky şahadatnamany almak isleýän islendik raýatyň WIÇ (HIW) testinden geçmegini talap edýän kanuny kabul etdi.

Kanuna laýyklykda SPID keseline sebäp bolýan WIÇ wirusy tapylan islendik adama durmuş gurmak hakyndaky şahadatnama berilmeýär.

Döwletiň gözegçiligindäki medianyň 6-njy aprelde habar bermegine görä, kanun “sagdyn maşgalalary döretmek we WIÇ ýokaşan çagalaryň dogulmagynyň öňüni almak maksatly” kabul edilidir.

Şeýle-de täze kanun neşe ulanyjylary, zähmet wizasyny soraýan daşary ýurtlyulara, tussgalara we gan tabşyrýan dnolaryň WIÇ synaglarynda geçmegini talap dýär.

Awtoritar Türkmenistan ýurtda WIÇ infeksiýasy bilen bagly ýagdaý barada köpçülige az maglumat berýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen kanunyň esasynda hökümet SPID bilen kesellänleriň mugt bejerilmegine kepil geçýär.

2002-nji ýylda Türkmenistanyň Saglyk ministrligi ýurtda WIÇ bilen bagly diňe iki wakanyň bolandygyny yglan etdi we wirusyň olara ýurduň daşynda ýokaşandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG