Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet, OPEK nebit önümçiligini azaltmakçy


OPEK guramasynyň baş sekretary Abdalla Salem El-Badri we Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak

OPEK guramasynyň baş sekretary Abdalla Salem El-Badri we Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak

Orsýet we Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEK) Eýranyň goşulmadyk ýagdaýynda nebit önümçiligini doňdurmak boýunça ylalaşdylar, diýip OPEK guramasynyň ýokary derejeli resmisi “Bloomberg” täzelikler agentligine aýtdy.

Kuweýtli OPEK guramasynyň dolandyryjysy Nawal al-Fezaianyň Eýranyň gatnaşmazlygynda nebit önümçiliginiň doňdurylmagy barada eden çykyşy 6-njy we 7-nji aprelde dünýä bazarlarynda nebitiň bahasynyň 5% ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Fezaia nebit öndüriji ýurtlaryň 17-nji aprelde Dohada geçirjek duşuşygynda ylalaşyga gelmekden başga çykalgasynyň ýokdugyny, sebäbi bahalaryň örän pesdigini belledi.

Nebit öndürijiler Dohada OPEK guramasynyň iri agzasy Saud Arabystanynyň we Orsýetiň arasynda nebit önümçiligini doňdurmak barada şu ýylyň başynda gelnen ylalaşygy jemlemek üçin duşuşarlar.

Orsýet nebit önümçiligini Eýranyň goşulmadyk ýagdaýynda doňdurmagyň we halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyndan soň öz nebit önümçiligini günde 4 million barrele ýetiren Tährana halkara ylalaşygyna indiki ýylda goşulmaga rugsat bermeginiň tarapynda çykyş edip gelýär.

XS
SM
MD
LG