Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: Daglyk-Garabagda separatistler ýaraşygy bozýar


Daglyk-Garabag sebitindäki esgerler.
Daglyk-Garabag sebitindäki esgerler.

Azerbaýjan özüniň Daglyk-Garabag sebitinde Ermenistan tarapyndan goldanylýan separatistleri ok atyşygy bes etmek barada baglaşylan özara ylalaşygy bozmakda aýyplaýar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň 7-nji aprelde ýaýradan beýanatynda separatistleriň ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy soňky 24 sagadyň dowamynda 119 gezek bozandygy aýdylýar.

Mundan başga-da Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni güýçleriniň öz ýurdunyň Nahçiwan sebitindäki birnäçe etrabyna ot açandygyny öňe sürdi.

Nahçiwanyň töweregini Ermenistan, Eýran we Türkiýe döwletleri gurşaýar.

Orsýetiň we Eýranyň daşary işler ministrleri azeri kärdeşleri bilen duşuşyp, bu gün, ýagny 7-nji aprelde Bakuwda ýaňy-ýakynda ýüze çykan ýowuzlyklaryň möwjemeginiň öňüni almak üçin tagalla edýärler.

“Ýagdaý saklanyp galýar”

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň hem şu günüň dowamynda Ýerewana barmagyna garaşylýar.

Azeri daşary işler ministri Elmar Mamedýarow 7-nji aprelde çykyş edip, Ermenistan tarapyndan goldanylýan Daglyk-Garabagda emele gelen konfliktiň häzirki ýagdaýyny saklap galmak kabul ederlikli däl, sebäbi bu regionda dartgynlylygyň gutulgysyz möwjemegine alyp barar diýdi.

“Azerbaýjan parahatçylygyň ornaşdyrylmagy we parahatçylyk gepleşikleriniň amala aşyrylmagyna iň köp islegli tarap bolsa gerek. Ýöne bize territoriýamyzyň basylyp alnandygy nukdaýnazaryndan netije gerek. 1993-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Azerbaýjanyň basylyp alnan territoriýalaryndan ermeni goşunynyň derhal we şertsiz çykarylmagyna çagyryş edýän rezolýusiýany kabul etdi. Gynansak-da, şondan bäri 20 ýyldan gowrak wagt geçdi. Emma basylyp alnan territoriýalar barada gürrüň edenimizde, heniz hem öňki ýagdaý saklanyp galýar” diýip, Mamedýarow belledi.

30 müň adam öldi

5-nji aprelde sebitde ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk güýje gireni bäri, Azerbaýjan we Daglyk-Garabagdaky separatistler araçäk liniýasynyň dartgynly ýagdaýdadygyny, emma, umuman, asudalygyň saklanýandygyny aýdypdylar.

2-nji aprelden bäri, Azerbaýjan bilen Daglyk-Garabag sebitindäki separatistleriň arasynda dört gün dowam eden çaknyşyklardan soň, ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyldy. Şol çaknyşyklar soňky on ýylyň dowamynda Daglyk-Garabag sebitinde ýüze çykan iň ýowuz waka boldy.

Daglyk-Garabag sebiti sebäpli Baku bilen Ýerewanyň arasynda ençeme ýyldan bäri dartgynlylyk dowam edýär. 1990-njy ýyllaryň başynda bolan uruş döwründe Ermenistan tarapyndan goldanylýan separatistler Azerbaýjanyň ilatynyň aglabasy ermenilerden ybarat Daglyk-Garabag sebitini basyp alypdy. Şonda 30 müň adam öldürilipdi. Konflikti çözmek ugrundaky diplomatik tagallalaryň netijesinde şol döwürde uly bolmadyk öňegidişlik gazanylyp, uruş hereketleri durzulypdy.

XS
SM
MD
LG