Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gresiýa migrantlaryň ikinji toparyny Türkiýä iberdi


Türkiýäniň baýdagyny göterýän gämi Gresiýanyň Lesbos adasyndan migrantlary alyp barýar, Mytilene porty, 8-nji aprel, 2016

Türkiýäniň baýdagyny göterýän gämi Gresiýanyň Lesbos adasyndan migrantlary alyp barýar, Mytilene porty, 8-nji aprel, 2016

Gresiýa Ýewropa barýan migrantlaryň akymyny gowşatmak boýunça Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen ylalaşylan planyň çeginde Türkiýä 45 sany migranty iberdi.

Migrantlary alyp barýan gämi Gresiýanyň Lesbos adasyndan 8-nji aprelde irden gaýtdy.

Esasan pakistanlylardan ybarat migrantlaryň 202 adamlyk birinji topary 4-nji aprelde Türkiýä iberildi.

Şol günüň özünde-de siriýalylaryň birinji topary Germaniýa we Finlýandiýa bardy.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýe bilen baglaşan ylalaşygynyň esasynda 20-nji martdan soň Türkiýeden Gresiýa geçen ähli migrantlar Türkiýä gaýtarylar.

Gresiýadan Türkiýä iberilen her migrnatyň ýerine bir siriýaly migrant Türkiýeden Ýewropa Bileleşigine alynýar.

Ankara Gresiýa bikanun geçen ähli migrantlary, şol sanda siriýalylary yzyna gaýdyp alar, öz tarapyndan ÝB Türkiýäniň özünden müňlerçe siriýalyny kabul eder, şeýle-de maliýe kömegini artdyrar, wizasyz düzgüniň girizilmegini tizleşdirer we ýurduň ÝB agza bolmak gepleşiklerini ilerleder.

ÝB-niň we Türkiýäniň arasyndaky ylalaşyk adam hukuklaryny goraýjy toparlar tarapyndan ýazgaryldy we zerur taýýarlyklaryň ýokdugy baradaky aladalary artdyrdy.

XS
SM
MD
LG