Sepleriň elýeterliligi

Almaty: Tussaglykdaky Mataýew keselhana düşdi


Gazagystanyň žurnalistler bileleşiginiň başlygy Seitkazy Mataýew, Almaty

Gazagystanyň žurnalistler bileleşiginiň başlygy Seitkazy Mataýew, Almaty

Gazagystanyň žurnalistler bileleşiginiň we Milli metbugat klubunyň ýolbaşçysy Seitkazy Mataýew keselhana düşdi.

Pul ogurlamakda we salgytdan gaçmakda aýyplanan Mataýew fewral aýyndan bäri öý tussaglygynda saklanýar.

Almatynyň Ýürek keseller boýunça merkeziniň resmileri Mataýewiň güýçli gan basyşy bilen 7-nji aprelde keselhana düşendigini aýtdylar.

Mataýew 22-nji fewralda tussag edilipdi. Almatynyň sudy onuň sud edilýänçä öý tussaglygynda saklanmagy barada höküm çykardy.

Gazagystanyň korrupsiýa garşy agentligi Mataýewiň ýöňkelýän aýyplamalar boýunça günäli tapylan ýagdaýynda, onuň 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.

Mataýew özüniň bigünädigini aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Mataýewiň yzarlanmagyny onuň žurnalistleriň bileleşigine ýolbaşçylyk işi bilen baglanyşdyrýarlar.

XS
SM
MD
LG