Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Gozgalaňçylar Al-Rai şäherini eýeledi


Siriýanyň azat armiýasynyň söweşijileri

Siriýanyň azat armiýasynyň söweşijileri

Siriýada Adam hukuklaryna gözegçilik boýunça topar Siriýanyň azat armiýasynyň şygary astynda söweşýän gozgalaňçylaryň 7-nji aprelde YD toparynyň söweşijilerine garşy güýçli söweşlerden soň Al-Rai şäherini öz gözegçiligine alandygyny habar berdi.

Al-Raiň ele salynmagy bölünen Aleppo şäheriniň üstündäki söweşlerde gozgalaňçylar üçin üstünlik bolup durýar.

Al-Raiň ele salynmagynyň gozgalaňçylaryň Türkiýeden gelýän üpjünçilik ýolunyň howpsuzlygy üçin hem ähmiýeti bar.

YD toparynyň söweşijileriniň bu ýeňilişi olaryň regionda geçen ýylyň maý aýyndan bäri gazanan öňegidişliklerinden soň ilkinji şowsuzlygy boldy. Geçen ýyl YD topary Türkiýe bilen serhetdäki Azaz geçelgesine golaý giňişlikleri basyp alypdy.

XS
SM
MD
LG