Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada YD söweşijileriniň sany köpeldi


YD toparynyň söweşijilerini görkezýän wideodan alnan pursat

YD toparynyň söweşijilerini görkezýän wideodan alnan pursat

“Yslam döwleti” toparynyň (YD) Liwiýadaky sany iki esse köpeldi we 4000-den 6000 aralygyndaky sana ýetdi, diýip ABŞ-nyň Afrika boýunça harby ýolbaşçysy general Dawid Rodriguez 7-nji aprelde aýtdy.

YD topary nebite baý demirgazyk Afrika döwletinde durnuksyzlygy güýçlendirdi we özüniň Yrakda hem Siriýada yglan eden “halifatynyň” mekanyna öwürdi.

Liwiýada, esasan-da Benghazide we Bernada ýerli ýaragly söweşijiler YD toparyna garşy göreşýärler we onuň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almaga çalyşýarlar.

YD toparynyň Liwiýada diktator Muammar Kaddafiniň NATO-nyň goldawy bilen çetleşdirilmeginden soňky bulam-bujarlykdan peýdalanyp, tasirini artdyrmagyna Ýewropa we Birleşen Ştatlar ençeme aý bäri aladalanma bildirýärler.

ABŞ fewral aýynda Liwiýada YD toparynyň türgenleşik bazasyny bombalamagynda soň ýurtdaky ýagdaýa halkara harby güýçleriniň goşulmagy baradaky çaklamalar güýçlendi.

Rodriguez howa hüjümleriniň amala aşyrylmagynyň ähtimallygyny aradan aýyrmady.

XS
SM
MD
LG