Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prokuraturasy doping derňewinden ýüz öwürdi


Orsýetiň sport boýunça ministri Witaliý Mutko, Moskwa
Orsýetiň sport boýunça ministri Witaliý Mutko, Moskwa

Orsýetiň Baş prokuraturasy Dopinge garşy bütindünýä agentliginiň (WADA) garaşsyz komissiýasynyň Orsýetiň sportda dopingiň ulanylmagyny yzygiderli ýaşyrýandygyny öňe sürýän hasabaty boýunça derňew geçirmejegini aýtdy.

Orsýetiň sport boýunça ministri Witaliý Mutko Baş prokuraturanyň WADA-nyň hasabatyny “üns bilen öwrenendigini”, emma iş gozgamak üçin kanun taýdan esaslandyrylan faktlary tapmandygyny 8-nji aprelde aýtdy.

WADA-nyň noýabr aýynda çap eden hasabatynda Orsýetiň atletika boýunça sportsmenleriniň döwletiň goldamagynda we yzygiderli esasda doping ulanýandygy habar berildi we Atletika Federasiýalarynyň Halkara Bileleşigine (IAAF) orsýetli sportsmenleri birnäçe aýlap ýaryşlardan çetleşdirmäge çagyrdy.

WADA Orsýetiň Dopinge garşy agentligine (RUSADA) we Orsýetiň akkreditasiýa edilen laboratoriýalaryna gadagançylyk girizdi.

RUSADA-nyň ýolbaşçylary Ramil Habriýew we Ýerine ýetiriji müdiri Nikita Kamaýew dekabr aýynda wezipelerinden çekildiler. Fewral aýynda aradan çykan 52 ýaşly Kamaýewiň ýüreginden tutup ýogalandygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG