Sepleriň elýeterliligi

“Demirgazyk Koreýa bizden yzda galdy”


Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri.

Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri.

“Masgaraçylyk”, “Şu güne çenli şeýle bolgusyz zat görmedim”, “Demirgazyk Koreýa ýene bizden yzda galdy”. Bu teswirler okyjylarymyzyň “Türkmenistanda Sport aýy başlandy” atly wideomyzyň aşagynda ýazan pikirleriniň diňe käbirleri.

6-njy aprelde Azatlyk Radiosy Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk aýynyň” başlanandygy, bu çäre mynasybetli ýörişleriň, dürli sport maşklarynyň geçirilýändigi barada ýörite wideo çap etdi. Wideoda bu çärä ýurduň ýokary okuw jaýynyň studentleriniň, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, çagalar bagyndaky çagalaryň gatnaşýandygyny görse bolýar.

Sişenbe güni başlan “Sport aýy” barada çap eden wideomyz okyjylarymyzyň arasynda uly gyzyklanma döredip, bu çäräniň geçirilmegine dürli garaýyşdaky pikirler ýazyldy. Teswirleriň aglabasynda döwlet işgärleriniň, çagalaryň we studentleriň birmeňzeş egin-eşik geýip, köpçülikleýin ýörişlere we sport çärelerine gatnaşmagyna oňaýsyz garaýyşlar beýan edilýär.

“Beýle-de bir zat bolarmy?”

“Türkmen gyzy” atly okyjymyz “Beýle-de bir zat bolarmy?” diýen sorag bilen öz pikirini beýan etse, Kamila “Bu adam halky bitirdi, tüketdi” diýip, bu hakda öz pikirini aýan edýär. “Murat” atly okyjymyz bolsa “Munça-da bir bolarmy? Aýyp...” diýip, agzalan temadan öz garaýşyny bildirýär.

Agzalýan wideonyň aşagynda teswir ýazan Mekan atly okyjymyz sport maşklaryna döwlet-edara kärhanalarynyň işgärleriniň gatnaşdyrylmagyna ünsi çekip, “Talyplardan geçdim welin, indi işgärlerem gatnaşdyrylyp başlapdyr-a... Munuň soňy nirä giderkä?” diýen soragy berýär.

“Husen” ady bilen teswir ýazan beýleki bir okyjymyz bolsa “Toba, toba... türkmenleriň indi edere işi ýok. Ýaşy uly aýal-erkekleri hem sport bilen meşgullanmaga mejbur edýär” diýip belleýär. Züleýha ady bilen garaýşyny galdyran okyjymyz bolsa “Masgaraçylyk, sport egin-eşigini geýmän maşk edýän [işgärler] temmi berilýän ýaly bolup görünýär” diýýär.

“Prezidentimiz, has manyly zatlary edip bilersiňiz!

Teswirleriň arasynda sporta üns berilmegiň gowudygyny, emma munuň mejbury bolmaly däldigini ýazan okyjylarymyz hem bar.

Sabina ady bilen teswir ýazan okyjymyz özüniň aýtmak isleýän zatlarynyň eýýäm ýazylandygyny aýdyp, “olara diňe şuny goşasym gelýär... Olaryň ählisi köçä dökülipdir, bu islege bagly bolmaly. Hormatly prezidentimiz, halkymyzy sport bilen meşgullanmagy endik etdirmek isleýän bolsaň, has manyly, gowy zatlar edip bilersiň” diýip, özünden öňki pikirleriň üstüni ýetirýär.

Senem ady bilen teswir galdyran ýene bir okyjymyz “Men muňa diňe masgaraçylyk diýerin, başga-da hiç zat diýmerin. Işgärlere gynanýan, nebsim agyrýar... Halkyň sport bilen meşgullanmagyny isleýän bolsaň, sport zallaryny aç. Ilat islän wagty gidip, sport bilen meşgullansyn” diýip ýazýar.

“Ceyhun” ady bilen teswir galdyran okyjymyz bolsa “Türkmeniň abraýyny diňe türkmen gaçyrýar. Masgaraçylykdan başga zat däl” diýip, mejbury ”Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy diýlip atlandyrylýan çäre bilen bagly öz närazylygyny beýan edýär.

Okyjylarymyzyň arasynda ýurtda hemme zadyň asudalygyna “şükür etmelidigini” ýazanlar hem bar. Kakajan ady bilen teswir ýazan okyjymyz “Ýaşasyn Türkmenistanym!” diýip öz garaýşyny beýan etse, Oraztäç atly okyjymyz “Ýurdumyz hemişe bagtyýar, bagtly” diýip, özleriniň "Sagdynlyk aýy" diýilýän çäreden hoşaldyklaryny bildirýärler.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýokardaky teswirleriň ählisi okyjylaryň öz şahsy pikir-garaýyşlary bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG