Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet nebitiň ýanwar derejesine taýýar


Orsýet, Saud Arabystany, Katar we Wenezuela nebit önümçiligini azaltmaga razy boldy.
Orsýet, Saud Arabystany, Katar we Wenezuela nebit önümçiligini azaltmaga razy boldy.

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak Orsýetiň şu aý, beýleki esasy nebit öndürijileri bilen ylalaşykda, günde öndürilýän nebitiň derejesini ýanwardaky ýagdaýynda, 10.9 million barrelde doňdurmaga taýýardygyny aýdýar.

Emma ol OPEK guramasyna girýän we oňa girmeýän nebit öndürijileriň 17-nji aprelde Dohada geçiriljek duşuşykda fewral derejesi ýaly başga derejeleri hem teklip etmekleriniň mümkindigini, Orsýetiň bu tekliplere açykdygyny aýtdy.

Nowak 8-nji aprelde Moskwada eden çykyşynda, Eýranyň nebit öndürmegi azaltmak baradaky ylalaşyga boýun bolmajagyny aýdandygyna garamazdan, Dohada boljak duşuşygyň esasy nebit öndürijileriň arasynda nebit önümçiligini kemeltmek barada ylalaşyga gelmek bilen soňlanjagyna umytlydygyny aýtdy.

Orsýet, Saud Arabystany, Katar we Wenezuela fewral aýynda, nebit bahasynyň aşaklamagyny duruzmak üçin, nebit önümçiligini azaltmak barada ylalaşyga geldiler.

XS
SM
MD
LG