Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: 60 milliona golaý garyp bar


Pakistan, Rehimdarlyk diwaryndan geýim alýan adam
Pakistan, Rehimdarlyk diwaryndan geýim alýan adam

Pakistanda 60 milliona golaý adam garyplyk derejesinden aşakda ýaşaýar, hökümetiň garyplygy ölçemek boýunça ulanan täze formula esasynda taýýarlan täze hasabatynda şeýle netije gelindi.

Pakistanyň Planlaşdyryş komitetiniň hasabatynda 7.6 million hojalygyň uly adamlarynyň gazançlarynyň aýda 30 dollardan hem azdygy aýdylýar.

Bu hasabatda täze formula ulanylyp, azyk harytlarynyň däl-de, saglyk, bilim ýaly esasy zerurlyklaryň bahasy hasaba alynýar. Hökümet bu üýtgeşmäniň iň gowy halkara praktikalary esasynda girizilendigini aýtdy.

Pakistan hökümeti jeňçileriň zorluklary we ysgyndan salýan energiýa krizisi sebäpli haýallan ykdysadyýeti güýçlendirmäge çalyşýar.

XS
SM
MD
LG