Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Owganystanda 17 adam öldürildi


 Paktia, tire ýaşululary

Paktia, tire ýaşululary

ABŞ-nyň howadan uran zarbalary gündogar Owganystanda azyndan 17 adamy öldürdi. ABŞ-nyň harby sözçüsi Fernando Estrella 7-nji aprelde amerikan uruş uçarlarynyň Paktia welaýatynda, Pakistanyň serhedine golaý ýerde iki sany howa zarbasyny urandygyny aýtdy.

Paktianyň welaýat polisiýasynyň başlygy Zorawar Zahid öldürilenleriň jeňçiler bolandygyny aýtdy. Emma başga bir ýerli resmi öldürilenleriň asuda ilatdan bolandygyny, olaryň arasynda tire ýaşulusynyň hem bardygyny aýtdy.

"Men şol töwerekden we bu hadysada ölenleriň hemmesiniň asuda adamlar bolandygyny aýdyp biljek» diýip, Nimatullah Baburi, welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary aýtdy.

Başga bir geňeş agzasy Fazal Rhman Katawazai hem bu howa zarbalarynyň asuda adamlary öldürendigini, emma olaryň sanyny bilmeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG