Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowa: Prezidentiň inagurasiýasy bozuldy


Gaz pürken protestçiler prezident Taçiniň inagurasiýa dabarasyny bozdular.
Gaz pürken protestçiler prezident Taçiniň inagurasiýa dabarasyny bozdular.

Göz ýaşardyjy gaz pürken protestçiler 8-nji aprelde Kosowanyň prezidenti Haşim Taçiniň inagurasiýa dabarasyny bozdular.

Pristinanyň merkezinde, açyk meýdanda guralan dabaranyň myhmanlary Taçi müň adamly mähelläniň öňünde söz sözlemäge başlamazynyň öň ýanynda işe girizilen gaz kanistrleri zerarly üsgürip, gözýaşlaryny süpürmeli boldular.

Polisiýa 12 adamyň tussag edilendigini aýtdy. Köplügi etniki albanlardan bolan döwletiň oppozisiýasy Taçini Ýewropa Bileleşiginiň araçylygynda 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşyga kömek bermekde aýyplaýar.

Olar bu ylalaşykda kiçi serb azlygyna ýerli hökümetiň kararlarynyň üstünden köp ygtyýar berlendigini aýdýarlar.

1998-99-njy ýyllarda Serbiýanyň güýçlerine garşy partizançylyk urşuna ýolbaşçylyk eden Taçi inagurasiýany dowam edip, özüniň Serbiýa bilen-de, içerki tankytçylar bilen-de dialog isleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG