Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak žurnalisti hassahana ýerleşdirildi


 Seýitgazy Mataýew
Seýitgazy Mataýew

Gazagystanyň žurnalistler birleşiginiň başlygy, Milli metbugat klubynyň ýolbaşçysy Seýitgazy Mataýew hassahana ýerleşdirildi. Mataýew döwlet emlägini ogurlamak we salgytdan gaçmak aýyplamalary esasynda fewral aýyndan bäri öý tussaglygynda saklanylýardy.

Almatydaky Kardiologiýa merkeziniň saglyk resmileri Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna Mataýewiň 7-nji aprelde, gan basyşy örän ýokarlanan ýagdaýda hassahana ýerleşdirilendigini aýtdylar.

Mataýew polisiýa tarapyndan 22-nji fewralda tussag edildi. Almatydaky sud onuň sud seljerişligine çenli öý tussagy bolup oturmagyny buýurdy.

Gazagystanyň Korrupsiýa garşy gullugy Mataýewiň, eger döwlet emlägini öz habsabayna geçirmekde we salgytdan gaçmakda günäli tapylsa, 12 ýyla çenli türmä basylmagynyň ahmaldygyny aýdýar.

Mataýew özüniň bigünädigini aýdýar. Hukuk goraýjy guramalar onuň toslama aýyplamalar esasynda, Žurnalistler birleşiginiň ýolbaşçysy hökmündäki işi sebäpli ýanalýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG