Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň türmedäki hyzmatdaşy sylaglandy


Hatyja Ysmaýylowa
Hatyja Ysmaýylowa

Tussaglykdaky azerbaýjan žurnalisti Hatyja Ysmaýylowa, «kyn şertlerde metbugat azatlygyna goşan ajaýyp goşandy üçin», BMG-niň metbugat baýragyna mynasyp boldy.

2016-njy ýylyň UNESCO/Guillermo Kano Bütindünýä Metbugat azatlygy baýragynyň 2016-njy ýyl boýunça žýurisiniň prezidenti Liliýana Zurowaç derňewçi žurnalist Hatyja Ysmaýylowanyň bu baýraga aňry ýany bilen mynasypdygyny we onuň gaýduwsyzlygynyň ykrar edilmeginden özüniň örän hoşwagt bolandygyny aýtdy.

25 müň dollar pul baýragy bolan sylag kolumbiýaly žurnalist, Bogotada, 1986-njy ýylyň 17-nji dekabrynda öz gazeti El Espectadoryň edarasynyň öňünde kast edilip öldürilen Guillermo Cano Isazanyň adyny göterýär.

Ysmaýylowa döwlet emlägine el urmakda we salgytdan gaçmakda aýyplanyp, türmede saklanylýar. Emma ol uly hökümet resmileriniň gatnaşygyndaky korrupsiýa baradaky makalalary üçin ýanalýar diýip bilinýär.

XS
SM
MD
LG