Sepleriň elýeterliligi

Pariž hüjümlerinde güman edilen Abrini aýyplandy


Mohamed Abrini

Belgiýanyň prokurorlary Pariž hüjümlerinde güman edilýän Mohamed Abrinini terrorçy ganhorlugynda we terror toparynyň işlerine gatnaşmakda aýyplady.

Brýusseldäki prokuratura edarasy 9-njy aprelde Brýussel aeroportynda beýleki iki bombaçy bilen 22-nji martda Belgiýanyň paýtagtynda bolan partlamalardan öň kellesi «başgaply» surata düşürilen adamyň hem Abrini bolandygyny aýtdy.

8-nji aprelde Belgiýada tussag edilen Abrini geçen ýylyň Pariž hüjümleriniň tanalýan iň soňky gaçgagy hasaplanylýar.

13-nji noýabrdaky Pariž hüjümlerinde 130 adam öldürilipdi.

Belgiýa prokurorlary 9-njy aprelde Osama K. diýip tanalýan ýene bir adamy «terrorçy ganhorlykda» aýyplady

XS
SM
MD
LG