Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Ýaponiýada G7 bilen duşuşýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 10-njy aprelde Ýaponiýa geldi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 10-njy aprelde Ýaponiýa geldi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 10-njy aprelde, Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň 7 toparynyň duşuşygyndan öň Ýaponiýa geldi.

Kerri 11-nji aprelde, Hirosimodaky parahatçylyk memorial parkyna sapar edende, taryhdaky ilkinji ýadro hüjüminiň pidalaryna hormat-sylag bildiren iň uly derejeli amerikian resmisi bolar.

1945-nji ýylyň 6-njy awgustunda, ABŞ-nyň B-29 bombaçysy Hirosima 15 tonnalyk ýadro bombasyny taşlanda, birbada 80 müň çemesi adam öldi.

Şondan üç gün soň Nagasaki şäherine hem ýadro bombasy taşlandy.

G7 toparynyň Hirosimoda geçjek iki günlük sammitinde terrorçylyk, Ukraina, Demirgazyk Koreýa, Ýakyn Gündogar we migrasiýa krizisi ýaly global meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

XS
SM
MD
LG