Sepleriň elýeterliligi

Yslam jeňçileri 18 esgeri öldürdi


Filippin esgerleri

Filippin esgerleri

Günorta Filippinde, ekstremist Abu Saýýab toparyna garşy edilen harby hüjümden soň, şu ýylda bolan iň elhenç zorlukda 18 esger we 5 jeňçi öldi.

Harbylar 10-njy aprelde bir gün ozalky söweşiň Basilan welaýatynda, Manilanyň 900 km günortasyndaky Tipo-Tipo şäherinde bolandygyny aýtdylar.

Bu çaknyşyklar Abu Saýaýabyň zamun alan daşary ýurtlularynyň käbiriniň kellesini kesmek haýbatyny atyp, 8-nji aprele bellän soňky möhleti geçeninden soň boldy.

Soňky möhlet geçeninden soň zamun alnanlaryň ykbalynyň nähili bolandygy belli däl.

Esgerler Abu Saýýabyň bukudaky ýerine hüjüme barýan wagtlary gabawa salnypdyr.

XS
SM
MD
LG