Sepleriň elýeterliligi

Brýussele hüjüm edenler Fransiýany urjak eken


Belgiýa, polisiýa reýd geçirýär.

Belgiýa, polisiýa reýd geçirýär.

Düýbi Brýusselde ýerleşýän terror ýygynçagy Fransiýa täze hüjüm guramagy planlaşdyrdy, emma oňa derek, Fransiýadaky çalasyn derňewe geň galyp, Belgiýanyň paýtagtyna hüjüm etdi diýip, Belgiýanyň prokurory aýtdy.

"Geçirilýän derňewiň depginine geň galyp, olar gyssagly Brýussele zarba urmak kararyna geldiler» diýip, Belgiýanyň Federal prokuratura edarasy 10-njy aprelde aýtdy.

Derňewçiler Brýussel hüjüminiň arkasyndaky ýygynçak bilen noýabrdaky Pariž hüjümlerini guran toparyň arasyndaky baglanyşyklary tapdylar.

Belgiýa häkimiýetleri 9-njy aprelde, Brýussel hüjümleri bilen baglylykda, dört adamy «terrorçylykly ganhorluga» we «terror toparlarynyň işlerine» gatnaşmakda aýypladylar.

Olaryň biri Brýussel aeportynda gözegçilik kamerasynda surata düşürilen, «başgaply adam» diýilýän Mohamed Abrinidir.

8-nji aprelde Belgiýada tussag edilen Abrini geçen ýylyň Pariž hüjümleriniň tanalýan iň soňky gaçgagy hasaplanylýar.

13-nji noýabrdaky Pariž hüjümlerinde 130 adam öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG