Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda, Pakistanda ýer yrandy


Pakistan, Çirtal deresiniň Aýun obasynda geçen ýylky ýer titremesinde zyýan ýeten jaý

Pakistan, Çirtal deresiniň Aýun obasynda geçen ýylky ýer titremesinde zyýan ýeten jaý

Demirgazyk-günbatar Pakistanda, owgan serhediniň golaýynda 10-njy aprelde 6.6 bally ýer yranmasy boldy.

Şaýatlaryň we ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik edarasynyň berýän maglumatlaryna görä, owgan we pakistan paýtagtlaryndaky binalar sarsypdyr.

Yslamabatda ýaşaýyş jaýlary we edara binalary çaýkanyp başlanda, ýaşaýjylar jaýlaryndan gaçyp çykypdyr.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi ýer yranmasynyň merkeziniň Pakistandaky Çitralyň golaýynda, 210 km çuňlukda bolandygyny aýdýar.

Hindi paýtagty Nýu-Delide we Kaşmirde hem sarsgyn duýuldy.

Ol ýerden zyýan ýa ýaraly bolanlar barada bada-bat habar bolmady.

XS
SM
MD
LG