Sepleriň elýeterliligi

Kabulda awtobusa hüjüm edildi


Kabula edilen bombaly hüjümleriň birinde owgan howpsuzlyk güýçleri wakany derňeýärler.

Kabula edilen bombaly hüjümleriň birinde owgan howpsuzlyk güýçleri wakany derňeýärler.

Owganystanyň paýtagty Kabulda hökümet işgärlerini alyp barýan awtobusa edilen bombaly hüjümde bir adam öldi.

Owgan resmisiniň aýtmagyna görä, 11-nji aprelde ýurduň Bilim ministrliginiň işgärlerini işe alyp barýan awtobus nyşana alyndy.

Owgan resmileri wakanyň, awtobusa ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde ýüze çykandygyny habar berýärler.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady. Emma “Talyban” hereketi owgan howpsuzlyk güýçlerine we hökümet işgärlerine garşy “ýelmeşegen” diýlip atlandyrylýan we ýoluň gyrasyna düşelen bombaly hüjümleri we janyndan geçeniň hüjümlerini ýygy-ýygydan amala aşyrýar.

XS
SM
MD
LG