Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Orsýet ‘S-300’-iň birinji tapgyryny gowşurdy


Orsýetiň "S-300" kysymly howadan raketa goranyş ulgamy

Orsýetiň "S-300" kysymly howadan raketa goranyş ulgamy

Eýranyň Daşary işler ministrligi Orsýet “S-300” kysymly howadan raketa goranyş ulgamynyň birinji tapgyryny Eýrana gowşurdy diýýär.

Bu baradaky maglumat 11-nji aprelde Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Hossein Jaber Ansari tarapyndan yglan edildi.

2010-njy ýylda Orsýet Eýrana “S-300” raketa goranyş ulgamyny satmak baradaky şertnamany Günbataryň basyşlary sebäpli ýatyrandygyny mälim edipdi. Orsýetiň “S-300” kysymly harby tehnikalary dünýäniň iň kuwwatly raketa goranyş ulgamlarynyň biridir.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygynyň yzýany, 2015-nji ýylyň aprel aýynda öz-özüne garşy girizen gadagançylygy ýatyrdy.

Ysraýyl Eýrana raketa goranyş ulgamynyň satylmagyna berk garşy çykýar.

XS
SM
MD
LG