Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew Eýrana, Türkiýä, Özbegistana sapar edýär


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.
Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew özüniň eýranly kärdeşi Hassan Rohani bilen duşuşmak üçin 11-nji aprelde Tährana sapar edýär.

Nazarbaýewiň edarasynyň berýän maglumatyna görä, iki ýurduň prezidentleriniň söwda, inwestisiýa, oba-hojalyk we transport pudaklarynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahat etmegine garaşylýar.

Gazak prezidentiniň Eýrana edýän bu saparynyň dowamynda şertnamalaryň we özara düşünişme baradaky memorandumlaryň 40-dan gowragyna gol goýulmagy planlaşdyrylýar.

Şeýle-de, Nazarbaýewiň edarasy gazak prezidentiniň türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan bilen gepleşikleri geçirmek üçin 13-14-nji aprelde Türkiýä sapar etjekdigini we “Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň” sammitine gatnaşjakdygyny habar berýär.

15-nji aprelde bolsa, Nazarbaýew prezident Yslam Karimow bilen duşuşmak üçin Özbegistana sapar eder.

XS
SM
MD
LG