Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada täze premýer-ministre ýol açyldy


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugyň öz wezipesinden çekilmegi täze hökümete ýolbaşçylyk etjek “prezidentiň ýarany” Wolodimir Hroýsman üçin ýol açdy. Bu waka Ukraina soňky iki ýylyň dowamyndaky iň agyr syýasy krizisi soňlajak ýaly bolup görünýän mahaly boldy.

Ýatsenýuk ençeme hepde bäri özüne garşy edilýän basyşlardan soň, 10-njy aprelde eýeleýän wezipesinden çekildi. Emma ol öz partiýasynyň prezident Petro Poroşenkonyň partiýasy bilen bir hatarda, häkimiýetdäki täzelenen koalisiýanyň bir bölegi hökmünde saklanyp galjakdygyny aýtdy.

2014-nji ýylda häkimiýet başyna gelen Ýatsenýuk özüniň wezipeden çekilýändigi baradaky resminamany 12-nji aprelde ýurduň parlamentine hödürlejekdigini aýtdy.

Ukrain parlamentiniň spikeri Wolodimir Hroýsman, Poroşenkonyň partiýasy tarapyndan premýer-ministr wezipesine teklip edildi.

XS
SM
MD
LG