Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Aleppony yzyna almaga taýýarlanýar


Orsýetiň parlamentiniň ýokary öýüniň we rus delegasiýasynyň agzasy Dmitriý Sablin. 10-njy aprel, 2016 ý.

Orsýetiň parlamentiniň ýokary öýüniň we rus delegasiýasynyň agzasy Dmitriý Sablin. 10-njy aprel, 2016 ý.

Orsýetiň howa güýçleri we Siriýanyň armiýasy Aleppony söweşijilerden gaýtadan yzyna almaga taýýarlanýar diýip, 10-njy aprelde Siriýanyň premýer-ministri Wael al-Halaki rus kanunçykaryjylary bilen geçiren gepleşiklerinden soň aýtdy.

“Biz orsýetli hyzmatdaşlarymyz bilen Alepponyň kontrollygyny gaýtadan yzyna almak üçin operasiýalary geçirmäge we ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy bozan bikanun ýaragly toparlary ýok etmäge taýýarlanýarys” diýip, “TASS” habar agentligi al-Halakä salgylanyp beren maglumatynda belleýär.

Orsýetiň parlamentiniň ýokary öýüniň we rus delegasiýasynyň agzasy Dmitriý Sablin “RIA” habar agentligine beren maglumatynda “Orsýetiň awiasiýasy Siriýanyň armiýasyna guryýer operasiýalarynda kömek eder” diýdi.

Siriýanyň Aleppo şäheriniň töwereginde bolan çaknyşyklarda Siriýa režimine tarapdar söweşijileriň azyndan 16 sanysy we “Al-Kaýda” hereketi bilen ilteşikli toparyň we pitneçi toparlaryň 19 agzasy öldi diýip, 10-njy aprelde Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy topar habar berdi.

XS
SM
MD
LG