Sepleriň elýeterliligi

ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky Ylalaşygyň gaýra goýulmagy soralýar


ÝB-niň baýdagy

ÝB-niň baýdagy

Ýewropa Bileleşigi, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça öňe sürlen şertleriň hiç birini berjaý etmeýändigine garamazdan, Aşgabat bilen möhüm söwda hyzmatdaşlygyny baglaşmak ugrunda öňe ilerleýär diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch guramasy belleýär.

Human Rights Watch guramasynyň 11-nji aprelde ýaýradan bu beýanaty Türkmenistan bilen baglaşylmaly şertnama boýunça Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň geçirýän ilkinji diňlenişigine gabat geldi.

Mundan öň, 31-nji martda, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän 30 çemesi, şol sanda Human Rights Watch guramasyndan düzülen koalisiýa Ýewropa Parlamentine hat ýollap, onda türkmen hökümeti adam hukuklary boýunça bildirilen talaplary berjaý edýänçä, Şertnamanyň tassyklanmagyny gaýra goýmagy soradylar.

“Türkmen hökümeti, Ýewropa Parlamentiniň Türkmenistanda adam hukuklarynyň gözgyny ýagaýyny nazara alyp, adam hukuklary boýunça kesgitlän şertleriniň birini-de berjaý etmedi. Ýewropa Bileleşigi bu Ylalaşyk babatynda öňe ädim ätmek mümkinçiliklerini hatda göz öňünde tutubam oturmaly däl” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktorynyň orunbasary Reýçel Denber belledi.

Ýewropa bileleşigi 1999-njy ýyldan bäri, Türkmenistandaky adam hukuklarynyň gözgyny ýagdaýy sebäpli, Aşgabat bilen söwda gatnaşyklaryny düzgünleşdirjek ”Partnýorlyk we Hyzmatdaşlyk” ylalaşygyny tassyklaman gelýärdi.

Ýewropa Bileleşigi bu Ylalaşygyň ratifisirlenip bilmegi üçin türkmen hökümetiniň adam hukuklary boýunça ýurtda berjaý etmeli şertlerini kesgitläpdi. Olaryň arasynda:

- Hiç bir şert goýulmazdan, ähli syýasy tussaglaryň azat edilmegi;

- Erkin syýahat edip bilmek mümkinçilikleriniň öňünde goýulýan bökdençlikleriň ýatyrylmagy;

- Gyzyl haç halkara jemgyýetiniň we beýleki garaşsyz synçy toparlaryň ýurda gelip bilmegine mümkinçilik döredilmegi;

- Graždan azatlyklaryny gowulandyrmak – ýaly talaplar hem bardy.

“Ýewropa Parlamenti, söwda ylalaşygyny baglaşyp, gatnaşyklaryny has çuňlaşdyrmazdan ozal, öz prinsiplerine ygrarly bolup, türkmen hökümetinden adam hukuklary meselesinde hakyky manydaky özgerişleri talap etmeli” diýip, Reýçel Denber nygtaýar.

Human Rights Watch Türkmenistanyň dünýädäki iň ýapyk we repressiw ýurtlaryň biridigine we ýurduň türmelerinde ozalky hökümet işgärlerinden 100-den gowragynyň dereksiz ýitirim edilendigine ünsi çekýär.

Gurama Türkmenistanda adam hukuklary boýunça garaşsyz toparlaryň iş alyp barmagyna rugsat berilmeýändigini, şeýle-de hökümetiň azat medianyň döremeginiň öňüni alýandygyny belleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG