Sepleriň elýeterliligi

“Erkin döredijilige mümkinçilik döredilmeli”


Türkmenistanda prezident G.Berdimuhamedowyň ýazdy diýilýän romanyndan gurnalan teatr sahnasy.

Türkmenistanda prezident G.Berdimuhamedowyň ýazdy diýilýän romanyndan gurnalan teatr sahnasy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurtda gurlan medeniýet desgalarynyň köpüsiniň boş durandygyny boýun alyp, medeniýet boýunça orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowany wezipesinden boşatdy.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, Ýazmuhammedowa Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde öz gözegçilik edýän pudagyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da milli baýramçylyklara, durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň açylyşyna bagyşlanan dürli çäreleriň geçirilendigi barada hasabat beripdir.

Azatlyk Radiosy boş duran medeni desgalar barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG