Sepleriň elýeterliligi

Instagramdan wideo ulanyjylara buşluk


Instagramdan wideo ulanyjylar indi 1 minutlyk wideony çap edip bolýar.

Instagramdan wideo ulanyjylar indi 1 minutlyk wideony çap edip bolýar.

Instagram sosial ulgamynda mundan beýläk her kim öňküden dört esse uzak dowam edýän, ýagny 1 minutlyk wideo ýazgylary goýup biler.

Surat paýlaşylýan sosial ulgam bolan Instagram 2013-nji ýylyň iýun aýyndan bäri öz ulanyjylaryna wideo hyzmatyny hem hödürläp gelýär. Ýöne ol ýerde diňe 15 sekundlyk wideo goýup bolýardy.

Instagram ulgamynyň resmi blogunda berlen habara görä, soňky ýarym ýylda bu ulgamda wideo ulanyjylaryň sany ozalkydan 40 göterim köpelipdir.

Köpçüligiň gyzyklanmasyny göz öňünde tutan sosial ulgam, indi öz ulanyjylaryna Instagramda 1 minutlyk wideo goýmaga mümkinçilik döredýär.

Ýaňy-ýakyna çenli-de, synag maksady bilen diňe reklamalar üçin, şeýle mümkünçilik döredilipdi.

Instagramyň täzelenen görnüşinde (7.19) IOS ulgamynda işleýän enjamlar üçin wideolary redaktirläp bolýan 7.19 "multi-klip" hyzmatyň hem beriljekdigi aýdylýar.

Instagramda wideo mümkinçiliklerini ulanmak bilen bagly täzelikleriň ýylyň dowamynda hödürlenip durjakdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG