Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FH: Ykdysady problemalar durnuklylyga howp salýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.

"Freedom House" özüniň täze hasabatynda ykdysady kynçylyklar öňki Sowet Soýuzynyň "berk ornan diktaturalarynda" durnuklylyga howp salýar, gündogar Ýewropada migrasiýa krizisi populizmi güýçlendirýär, Balkanlarda hem reformalar yza gaýdýar diýip duýduryş berýär.

Merkezi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän hukuk topary Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň "awtokratiýa ýapyşmagy" 2015-nji ýylda artdy diýýär.

"Freedom House" guramasynyň "Geçişdäki ýurtlar" baradaky ýyllyk hasabaty öňki Sowet Soýuzyndaky, Balkanlardaky we Orta Aziýadaky 29 ýurtda demokratik ösüş boýunça edilen gözegçiliklere daýanýar. Hasabat 12-nji aprelde çap edildi.

“Diktatorlar on ýyl bäri häkimiýet başynda”

Bu ýagdaý öňki Sowet Soýuzynyň ýedi ýurdunda has-da beter bolup, Orsýetde, Azerbaýjanda, Belarusda, Gazagystanda, Täjigistanda, Özbegistanda we Türkmenistanda – elhençligine galýar. Bu ýurtlardaky "diktatorlar" azyndan on ýyl bäri häkimiýet başynda.

Hasabatda sarp edilýän harytlaryň, aýratyn-da, nebitiň bahasynyň global derejede aşaklamagy bilen birlikde Birleşen Ştatlaryň we Ýewropanyň Orsýete garşy girizen sanksiýalarynyň we Orsýet tarapyndan hem bulara jogap edilip girizilen sanksiýalaryň regionyň ykdysadyýetini ysgyndan gaçyrandygy bellenýär.

Ykdysady kynçylyklar Orsýeti çökgünlige itip, nebit-gaz öndürýän ýurtlarda, şol hatarda Gazagystanda, Türkmenistanda we Azerbaýjanda walýuta krizisine we býujet ýetmezçiliklerine getirdi.

“Geçişdäki ýurtlar”

Krizis goşmaça kömek we migrant işçi güýji sebäpli Orsýete garaşly, ýöne energiýa esaslanmaýan ykdysadyýetleri-de gowşatdy. Gyrgyzystanyň, Belarusyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň hem "2016-njy ýylda çökgünlige düşmegi mümkin" diýlip, hasabatda aýdylýar.

"Geçişdäki ýurtlar" proýektiniň direktory Nate Şenkkan Azatlyk Radiosy bilen geçirilen gepleşikde bu ýurtlar indi ençeme ýyllap ykdysadyýetlerini dürlüleşdirmekden boýun gaçyrmagyň oňaýsyz netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolar ýa-da aç-açan we jogapkärçilikli hökümet sistemasyny döretmeli bolarlar diýýär.

"Üstümizdäki ýyl sosial protestleriň has köp boljakdygyna şübhe ýok. 2015-nji ýylda hem köp bolan bolmagy ähtimal. Elýeterli bolan maglumatlardan siz Türkmenistanda ykdysady meseleler boýunça sosial protestleriň bolandygyny eşidensiňiz. Puluň hümmeti peseldileninden soň Azerbaýjanda uly proteste şaýat bolduk. Şeýle hem köpsanly zähmet migrantlarynyň, aýratyn-da, Täjigistana dolanyp gelýänini bilýäris. Bu bolsa işsiz ýaşlaryň uly gatlagyny döredýär, bu hem elbetde güýçli protest topary" diýip, Şenkkan aýdýar.

“Çet ýurt agentleri”

Şenkkan ýolbaşçylar muňa "öz kontrollyklaryny ýene bir gezek tassyklamaga" gönükdirilen çäreler bilen jogap berdiler diýýär.

Hasabatda Orsýetde Putiniň 2012-nji ýylda prezidentlige dolanyp gelensoň awtokratiýa has berk ýapyşyp, raýat jemgyýetine we syýasy guramalara zabun daralandygy aýdylýar.

"Bu taktikalaryň has aýany 'çet ýurt agentleri' kanuny. Hökümete degişli däl guramalara çet ýurtlaryň agentleri diýen tagmany basmak bu guramalary aşakdan iş alyp barmaga itmekde ýa ýurdy taşlap gitmäge mejbur etmekde ýa-da olaryň işlerini togtatmakda has netijeli boldy" diýip, Şenkkan aýdýar.

Ol Täjigistanda hem şuňa meňzeş kanunyň bardygyny, onuň yzygiderli bolmasa-da, wagtal-wagtal ulanylandygyny aýdýar. Gazagystanda bolsa hökümete garaşly däl guramalar başgaça çäklendirilýär. 2016-njy ýylda ulanylyşa giren bu düzgüniň juda zyýanly täsirleri bar. Gyrgyzystanda hem 'çet ýurt agentleri' kanuny barada indi bir ýyl bäri parlamentde çekişme barýar.

“Hökümetler adamlary yzarlaýar”

Hasabatda Täjigistanyň esasy oppozision partiýany gadagan edip, onuň ýolbaşçylaryny türmä dykmak bilen regionda iň zabun basyşy edendigi aýdylýar.

Bu ýurtda "raýat jemgyýetiniň köpsanly aktiwistleriniň, şeýle hem aklawçylar ýaly adamlaryň hem yzarlanandygy" aýdylýar.

Şenkkanyň bellemegine görä, hökümetler indi "etnikara duşmançylygy we sosial ýigrenji wagyz edenlikde aýyplap" internetde edilýän çykyşlar üçin hem adamlary yzarlaýarlar.

Gyrgyzystanda hökümet oppozisiýanyň agzalaryny garalamak üçin "döwleti, aýratyn-da, howpsuzlyk gulluklaryny gural edinýär". Şeýdip, olaryň öz närazylyklaryny beýan etmek üçin üýşmeleň geçirmeginiň öňi alynýar.

Hasabatda şeýle hem Azerbaýjanyň 2014-nji ýylyň tomsunda başlan basyşyny dowam etdirendigi aýdylyp, Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk eden derňeýji žurnalist Hatyja Ysmaýilowanyň öten ýyl 7 1/2 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigine salgylanylýar.

Belarusda prezident Alýaksandr Lukaşenko oktýabrda geçen prezidentlik saýlawlarynyň öňýanynda syýasy tussaglary boşadyp, "ýumşak tankyda" ýol berdi.

Demokratiýanyň ornaşmagyna howp salýar

Regionda "demokratiýanyň ornaşdyrylmagy üçin ýeke-täk möhüm mümkinçilik" Ukraina bolup durýar diýip raportda bellenýär.

Balkanlarda Serbiýa bilen Montenegro Ýewropa Bileleşigine goşulmak prosesine girdiler. Albaniýa bilen Makedoniýa bolsa bileleşigiň resmi kandidatlary.

"Freedom House" Ýewropa bileleşiginiň migrasiýa krizisine bilelikde jogap berip bilmänligi merkezi Ýewropada çet ýurtlulara garşy duşmançylyga we milletçilige ýol açdy diýip duýduryş berýär.

Hasabatda regionyň käbir ýolbaşçylarynyň Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbana goşulyp, migrantlary garalamak üçin çet ýurtlulara duşmançylykly ritorikany ulanandyklary we özlerini ýurtlarynyň goragçylary edip görkezendikleri aýdylýar.

Şenkkan milletçiligiň täzelenmegi, şeýle hem syýahat erkinliginiň we beýleki prinsipleriň aradan aýrylmagy demokratiýanyň gündogar Ýewropada berk ornaşmagyna we Ýewropanyň beýleki niýetlerine howp salýar diýýär.

XS
SM
MD
LG