Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe hüjümde ýaralananlaryň sanyny artdyrdy


Türkiýäniň Diýarbakyr welaýatyndaky harbylary.
Türkiýäniň Diýarbakyr welaýatyndaky harbylary.

Türkiýäniň armiýasy harby polisiýa merkezine edilen ulagly bomba hüjüminde ýaralanan adamlaryň sanyny artdyrdy.

Soňky maglumatlarda 11-nji aprelde Diýarbakyr welaýatynyň Hani şäherçesine edilen hüjümde 47 adamyň, şol sanda parahat ilatdan sekiz ýaşaýjynyň ýaralanandygy habar berlipdi.

Başlangyçdaky maglumatlarda ýaralananlaryň sanynyň 25-e deňdigi aýdylypdy. Şeýle-de, bu wakada bir sany esger hem heläk boldy.

Türk armiýasy partlamany amala aşyrmakda “Kürdistan Işçilar partiýasy”, ýagny “PKK” bilen ilteşikli söweşijileri aýyplaýar.

Geçen ýylyň iýul aýynda türk hökümeti bilen “PKK-nyň” arasyndaky yrga parahatçylyk prosesi bozulany bäri, Türkiýäniň günorta-gündogary ýowuzlyklara şaýat bolýar.

Täze döran konfliktde ýüzlerçe adam, şol sanda ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň 350-den gowrak agzasy heläk boldy.

XS
SM
MD
LG