Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan ‘Talybany’ ‘ýazky hüjümleri’ yglan etdi


"Talyban" hereketiniň Katardaky edarasynyň resmi metbugat sözçüsi Mohammad Naim.
"Talyban" hereketiniň Katardaky edarasynyň resmi metbugat sözçüsi Mohammad Naim.

Owganystanyň “Talyban” hereketi özüniň maýyl howada söweşmek möwsüminiň başlandygyny mälim etdi. Her ýyl yglan edilýän bu jarnama ýowuz tomus paslynyň başlandygyny aňladýar.

12-nji aprelde media guramalaryna ugradylan emailde söweşijiler “ýazky hüjümler” diýlip atlandyrylýan çäräniň ýerli wagt bilen irden sagat 5:00-da başlandygyny aýdýarlar.

“Talyban” hereketi bu hüjümleriň, agzalýan topary döreden Mullah Mohammad Omaryň hatyrasyna “Omari operasiýa” diýlip atlandyryljakdygyny aýtdy. Omar mundan üç ýyl öň aradan çykypdy.

Şeýle-de, beýanatda amerikan basybalyjylaryna garşy jyhady amala aşyrmak mukaddes borçdur diýilýär.

“Talyban” hereketiniň täze lideri Mullah Ahtar Mansur söweşi güýçlendirip, ýurduň ähli künjegine ýaýbaňlandyrdy. Hat-da ol geçen ýyl Owganystanyň iň uly şäherleriniň biri – Gunduzyň kontrollygyny birnäçe günlük ele geçirdi.

XS
SM
MD
LG