Sepleriň elýeterliligi

logo-print

FH: Ykdysady meseleler durnuklylyga howp salýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

"Freedom House" özüniň täze hasabatynda ykdysady kynçylyklar öňki Sowet Soýuzynyň "berk ornan diktaturalarynda" durnuklylyga howp salýar, gündogar Ýewropada migrasiýa krizisi populizmi güýçlendirýär, Balkanlarda hem reformalar yza gaýdýar diýip duýduryş berýär.

Merkezi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän hukuk topary Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň "awtokratiýa ýapyşmagy" 2015-nji ýylda artdy diýýär.

"Freedom House" guramasynyň "Geçişdäki ýurtlar" baradaky ýyllyk hasabaty öňki Sowet Soýuzyndaky, Balkanlardaky we Orta Aziýadaky 29 ýurtda demokratik ösüş boýunça edilen gözegçiliklere daýanýar. Hasabat 12-nji aprelde çap edildi.

Bu ýagdaý öňki Sowet Soýuzynyň ýedi ýurdunda has-da beter bolup, Orsýetde, Azerbaýjanda, Belarusda, Gazagystanda, Täjigistanda, Özbegistanda we Türkmenistanda – elhençligine galýar. Bu ýurtlardaky "diktatorlar" azyndan on ýyl bäri häkimiýet başynda diýlip, beýanatda nygtalýar.

XS
SM
MD
LG