Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pasternakyň bellikileri $77000-e satyldy


Orsýetli ýazyjy Boris Pasternakyň “Doktor Žiwago” atly romany barada taýýarlanan surat.
Orsýetli ýazyjy Boris Pasternakyň “Doktor Žiwago” atly romany barada taýýarlanan surat.

Orsýetli ýazyjy Boris Pasternakyň “Doktor Žiwago” atly romanynyň iki bölüminiň el bilen eden bellikleri 11-nji aprelde Nýo-Ýorkyň auksion öýünde 77,500 amerikan dollaryna satyldy.

Satyn alyjynyň adyny mälim etmeýän “Bonhams” auksion öýüniň aýtmagyna görä, golýazma agzalýan kitabyň üçünji we dördünji bölümleriniň taslamasyny öz içine alýar.

“Bu garalamadaky käbir sözlemler romanyň soňunda ýerleşdirilipdir” diýip, auksion öýüniň websaýtynda habar berilýär.

“Doktor Žiwago” kitaby sowet neşirýatçylary tarapyndan ret edilipdi. Soňra kitap ýurduň daşyna çykarylyp, Italiýada çap edilipdi.

XS
SM
MD
LG