Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Täze hökümeti düzmek ugrundaky tagallalar dowam edýär


Wolodymyr Hroýsman
Wolodymyr Hroýsman

Ukrain kanunçykaryjylary ýurtdaky syýasy durnuksyzlygyň soňuna çykmak üçin koalision hökümeti düzmek ugrundaky tagallalaryny dowam edýärler.

10-njy aprelde premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk wezipesinden çekilýändigini yglan etdi. Netijede parlamentiň häzirki başlygy Wolodymyr Hroýsmanyň bu wezipä bellenip bilinjekdigi baradaky garaýyşlar orta atylýar.

Ýatsenýuk ýurtdaky reformalary gowşak depginde alyp barýanlykda aýyplandy.

Prezident Petro Poroşenkonyň ýakyn ýarany Hroýsmanyň kandidaturasyny prezidentiň "Petro Poroşenkonyň Blogy" we "Halk Fronty" partiýasy goldaýarlar.

12-nji aprelde parlamentiň wise-spikeri Andriý Parabuý dört sany garaşsyz deputatyň Petro Poroşenkonyň fraksiýasyna goşulandygyny mälim etdi. Munuň netijesinde "Petro Poroşenkonyň Blogy" bilen "Halk Fronty" partiýasynda koalisiýa hökümetini düzmek üçin zerur bolan artykmaçlyk döredi.

Bu aralykda täze hökümetiň düzümi kesgitlenip başlady. Ozalky sermaýa menejeri Oleksandr Danylýugyň täze maliýe ministri boljakdygy çak edilýär. 40 ýaşly Danylýuk Poroşenkonyň administrasiýasynyň başlygynyň orunbasarydyr.

Käbir ekspertler Danylýugyň we Hroýsmanyň ýokary derejeli wezipelere bellenmegi netijesinde häkimiýetiň prezidentiň we onuň töweregindäkileriň elinde jemlenmeginden howatyr edýärler. Bu ýagdaýlara reformaçylaryň nägileligini bildirmeginiň mümkindigi hem aýdylýar.

Kanunçykaryjylar täze koalisiýa we premýer-ministriň kandidaturasy boýunça parlamentde ses berişligiň sişenbe güni giçlik geçiriljekdigini mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG