Sepleriň elýeterliligi

“Tigirler gulp astynda saklanylýar”


Aşgabadyň köçeleriniň birinde geçirilýän tigirli ýöriş.

Aşgabadyň köçeleriniň birinde geçirilýän tigirli ýöriş.

Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy atly çäre dowam edýär. Bu çäräniň dowamynda döwlet işgärleriniň, ýokary okuw jaýlarynyň studentlerini, çagalar baglarynydaky çagalaryň gatnaşdyrylmagynda sport maşyklary geçirilip, tigirli ýörişler gurnalýar.

Bu ýörişlerde “Meniň ulagym, meniň saglygym” ýaly bannerler göterilip, tigir sürmeklik mahabatlandyrylýar. Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda “Sport aýynyň” dowamynda köçeler ýapylyp tigir sürülse-de, Aşgabadyň köçelerinde tigir sürmek üçin niýetlenen ýörite ýollaryň ýokdugy habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bu meseläniň jikme-jikleri bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG