Sepleriň elýeterliligi

Prokurorlar 'Panama kagyzlaryny" derňeýär


Panama şäheri, howpsuzlyk işgäri 'Mossak Fonseka' firmsynyň daşynda. 12-nji aprel, 2016

Panama şäheri, howpsuzlyk işgäri 'Mossak Fonseka' firmsynyň daşynda. 12-nji aprel, 2016

Panama prokurorlary «Panama kagyzlarynyň» merkezinde bolan kanun firmasy "Mossak Fonsekanyň" ofislerini dökýär, bu firmadan syzan dokumentler dünýäniň baý we kuwwatly adamlarynyň baýlygynyň daşary ýurtlardaky kampaniýalarda ýaşyrylyp saklanmagynyň üstüni açdy.

«Panama kagyzlary» diýip bilinýän 11 milliondan gowrak dokument dünýä metbugatynda çykan onlarça makala esas boldy.

Ol makalalarda prezidentleriň, premýer-ministrleriň, patyşalaryň we beýlekileriň gatnaşmagynda amala aşyrylan "kölegeli" maliýe operasiýalarynyň detallary beýanat edilýär.

12-nji aprelde polisiýanyň alty ofiseri Panama şäherindäki firmanyň ofisleriniň daşyny gabady, prokurorlar bolsa onuň içinde gözleg işlerini geçirdi.

Baş prokuraturanyň edarasynyň beýanatynda derňewçileriň dokumentleri barlaýandygy aýdylýar, başga detallar açylmady.

XS
SM
MD
LG