Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG-de täze başlyk seçilýär


BMG-niň Bosgunlar edarasynyň ozalky başlygy Antonio Guterres

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň ozalky başlygy Antonio Guterres

BMG täze Baş sekretary saýlamaga kömekleşmek üçin ýaşyryn prosese başlady, adatça bu meselede Howpsuzlyk geňeşi we onuň hemişelik agzalary agalyk ederdi.

12-nji aprelde başlanan diňlenişik agza döwletlere ilkinji gezek kandidatlara BMG-niň parahatçylyk esgerleriniň jynsy betniýetliligi ýa-da güýçli döwletlerden edilýän basyşa garşy durmak barada sorag bermek mümkinçiligini döretdi.

Montonegranyň daşary işler ministri Igor Luksiç, ÝUNESKO-nyň baş direktory Irina Bokowa, BMG-niň Bosgunlar edarasynyň ozalky başlygy Antonio Guterres dagy sekiz kandidatyň başyny çekip, Baş assambleýanyň agzalarynyň soraglaryna jogap berdiler.

Beýleki kandidatlar Makedoniýanyň ozalky daşary işler ministri Srgýan Kerim, Horwatiýanyň ozalky daşary işler ministri Wesna Pusiç, Sloweniýanyň ozalky prezidenti Danilo Turk, Moldowanyň ozalky daşary işler ministri Nataliýa Herman dagyny öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG