Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Eýran sanksiýalaryny uzaldýar


Wenada galgaýan Eýanyň baýdagy
Wenada galgaýan Eýanyň baýdagy

Ýewropa Bileleşigi Eýrana garşy adam hukuklary meselesinde girizilen sanksiýalaryň möhletini ýene bir ýyl uzaltdy.

12-nji apreldäki beýanatda Ýewropa Bileleşiginiň aksiýasynyň 82 adama we bir kärhana degişlidigi aýdylýar.

Beýanatda 28 agzaly bileleşigiň Eýrana garşy 2011-nji ýylda «düýpli hukuk bozulmalar üçin» girizen emläk doňdurma, syýahat gadaganlygy ýaly çäreleriniň yzygiderli täzelenip durlandygy aýdylýar.

Eýran geçen aý BMG-niň adam hukuklary hasabatyny gaharly garşylap, onuň syýasy äheňler esasynda taýýarlanandygyny aýdypdy.

BMG-niň hasabatynda, başga zatlar bilen bir hatarda, Eýranyň 2015-nji ýylda 1 müňe golaý adamy jezalandyryp öldürendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG