Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Çagalar edebiýatynyň "Nobeli" Hytaý bilen Germaniýa berildi


Çagalar edebiýatynyň ýazyjysy hytaýly Cao Wenxuan.

Çagalar edebiýatynyň ýazyjysy hytaýly Cao Wenxuan.

"Hans Christian Andersen" baýragy eýelerine gowşuryldy. “Bolonýa” atly çaga kitaplary sergisinde agzalýan baýragy berýän geňeş metbugat ýygnagyny geçirip, 2016-njy ýylyň baýragyna mynasyp bolanlaryň adyny dünýä yglan etdi.

Çagalar edebiýatynyň ýazyjysy hytaýly Cao Wenxuan we nemes illýustrator Rotraut Susanne Berner 2016-njy ýylyň "Hans Andersen" baýragyna mynasyp boldylar.

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Jiangsu welaýatynyň Ýançeng şäherinde 1954-nji ýylda dünýä inen ýazyjy Cao, häzirki döwürde Pekin uniwersitetiniň Hytaý edebiýaty bölüminiň professorydyr.

"Çagalar edebiýatynyň Nobeli" diýip häsiýetlendirilýän we 1956-njy ýylda döredilen "Hans Christian Andersen" baýragy, her iki ýylda bir gezek, eserleri bilen çagalar edebiýatynda öçmejek yz galdyran aradan çykmadyk, ýagny ýaşaýan ýazyja we illýustratora gowşurylýar.

Daniýanyň şa zenany Margret II-niň hem hemaýatkärlik edýän bu baýragy ilkinji gezek 1956-njy ýylda diňe ýazyjylar ugry boýunça gowşurlandan soň, 1966-njy ýyldan başlap oňa illýustrasiýa ugry hem goşulypdyr.

Bu ýyl ol baýraga eýe bolmak üçin 28 ýazyjy bilen 29 illýustrator bäsleşdi.

XS
SM
MD
LG