Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyry geçirilýär


BMG-niň Siriýa boýunça wekili Staffan de Mistura (Staffan de Mistura)
BMG-niň Siriýa boýunça wekili Staffan de Mistura (Staffan de Mistura)

Siriýada bäş ýyl bäri dowam edýän graždanlyk urşunyň soňuna çykmagy maksat edinýän gepleşikleriň täze tapgyryny geçirmek üçin Ženewada duşuşyk bolýar. Emma Siriýada barha artýan ýowuzlyklar, gepleşikleri geçirýänleriň bu meselede şowly bolmak mümkinçiligine şübhe döredýär.

13-nji aprelde geçirilýän gepleşikleriň öň ýanynda Siriýanyň demirgazygyndaky Halap (Aleppo) welaýatyndaky çaknyşyklar ep-esli güýçlenip, hökümet güýçleri Al-Eis şäherçesine aýratyn basyş görkezýärler. Bu şäherçä “Al-Kaýda” hereketiniň ýerli şahamçasy “Al-Nusra fronty” kontrollyk edýär.

BMG-niň araçylyk etmeginde geçirilýän gepleşikler geçiş hökümetini gurup, 270 müňden gowrak adamy öldüren we ýurduň ilatynyň ýarpysyny ýaşaýan ýerinden başga ýere göçüren konflikti soňlamagy maksat edinýär.

Umut

Şu ýylyň fewral aýynda Moskwa bilen Waşingtonyň araçylyk etmeginde gazanylan bölekleýin ýaraşyk has berk rezolýusiýanyň baglanyşylmagy ugrunda umytlary artdyrdy. Emma ýakynda möwjän we Hama welaýaty bilen Damask şäherini öz içine alýan söweşler bu umydyň hem azalmagyna getirdi.

“Häzirki wagtda (ok atyşygy) bes etmek barada ylalaşygyň berjaý edilmeýänliginiň alamatlary göze ilýär” diýip, Birleşen Ştatlaryň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Samantha Power Nýu-Ýorkda žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.

Samantha Power söweşler BMG-niň Siriýa boýunça wekili Staffan de Misturanyň syýasy gepleşikleri geçirmegini kynlaşdyrýar diýdi.

Saýlaw

Şu aralykda Siriýa hökümetiniň garamagyndaky ýerlerde täze, 250 agzaly parlamenti saýlamak üçin saýlaw uçastoklary açyldy.

Bu saýlawlarda hökümet tarapyndan hasaba alnan we tassyklanan dalaşgärleriň 3500 çemesi bäsleşýär.

Damask ses berişligiň konstitusiýa laýykdygyny we munuň Ženewadaky parahatçylyk gepleşiklerinden aýrylykda geçirilýändigini aýdýar.

Siriýadan uçurlan raketa Türkiýä düşdi

Bu aralykda türk mediasynyň berýän maglumatyna görä, 13-nji aprelde Siriýadan atylan raketalar Türkiýäniň Kilis şäheriniň merkezindäki iki ýere gelip düşüpdir.

Bu wakanyň adamlaryň arasynda howsala döremegine sebäp bolandygy, emma hiç bir adam ýitgisiniň bolmandygy aýdylýar.

Bu wakanyň yzysüre Türkiýäniň armiýasy, konflikte goşulyşmak düzgünlerini bozman, Siriýadaky käbir nyşanalara gaýtawul berdi.

XS
SM
MD
LG