Sepleriň elýeterliligi

Amerikan şahyrlar akademiýasy Şygryýet aýyny bellemäge 1996-njy ýylda başlapdy we şu aprelde Milli poeziýa aýynyň bellenilip başlanmagyna 20 ýyl dolýar.

Milli poeziýa aýy dünýäde iň bir uly edebi baýramçylyklaryň biri bolup, ol onlarça million okyjy, studentler, mugallymlar, kitaphanaçylar, kitap satýanlar, edebi çäreleriň kuratorlary, neşirçiler, bloggerler we, elbetde, şahyrlar tarapyndan, poeziýanyň biziň medeniýetimizde we durmuşymyzda tutýan wajyp ornuny nygtamak bilen, giňden bellenilýär.

Iň bir hormatlanýan we giňden çap edilen afrikan-amerikan ýazyjylarynyň biri, şahyr, dramaturg we öz galamyny jynsparazlyga garşy ýarag edip ulanan ýazyjy Amiri Baraka (1934-2014) elli ýyla golaý öndümli işläp, esasan garaýagyzlaryň azatlygy we jynsparazlyk meselelerine üns berdi.

Ol "Adam ýa azat, ýa-da azat däl, sebäbi azatlygyň hiç bir şägirtligi ýok" diýerdi. Şeýle-de ol "Sen beýleki amerikanlara garyndaş bolman amerikan bolup bilmersiň" diýýärdi. Onuň üçin "Poeziýa sazdy, başga hiç zat däldi, sazlaşykly sözlerdi".

Milli poeziýa aýynda Azatlygyň okyjylaryna meşhur amerikan şahyry Amiri Barakanyň iki goşgusynyň terjimesini hödürlemegi makul bildik.

Hudaý we 911

Men uzak gün çokunyp,
doga okap bilerin,
emma hudaý ýetişmez,
tapmaz ýykylan ýerim.

Ýöne eger jaň etsem
9 bilen 11-e,
ol Arwah bir minutdan
tapar girsem-de nirä.

Eger-de sen

Eger sen azaşyp,
ýitirseň ýoluň,
hem daşyňy alsa duşman,
öz diliňde gepletmän,
heýkellerňi, gurallarňy döwseler,
gadagan etseler seniň
omm bomm ba bumyň,
bulaşansyň onda sen,
çolaşansyň çoçgara çuň,
olar seniň bum ba bumyň
gadagan etseler dogan,
çolaşansyň çoçgara çuň,
çolaşansyň çoçgara çuň,
humf!

Belki bir gün çykmak, gutulmak ondan,
birnäçe ýüz ýyly aparar senden!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG