Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

JGK Türkiýäni žurnalistleri goramaga çagyrýar


Žurnalistleri goraýan komitetiň saýty
Žurnalistleri goraýan komitetiň saýty

Birleşen Ştatlardaky Žurnalistleri goraýan komitet, «Yslam döwleti» ekstremist toparynyň agzalary günorta-gündogar Türkiýede siriýaly žurnalisti nyşana alanyndan soň, türk häkimiýetlerini žurnalistleri goramaga çagyrdy.

Mohammed Zahir al-Şerkat, telewideniýe žurnalisti Siriýa bilen serhediň golaýyndaky Gaziantepde, hepde ahyrynda köçeden barýarka, ýakyn aralykdan tüpeňlendi. Ol 12-nji aprelde hassahanada aradan çykdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini YD öz üstüne aldy. Ol bu ekstremist toparyň Türkiýede öldüren dördünji žurnalistidir.

"Türk häkimiýetleri Türkiýäniň köçelerinde žurnalistleri öldürmegiň kabul ederlik däldigini we jezasyz galmajagyny görkezmeli» diýip, Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň Ýewropa we Merkezi Aziýa kordinatory Nina Ognianowanyň beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG