Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Säherdäki ahwalat


Asman we agaç.
Asman we agaç.

Änewde ýaşap geçen Durdy bagşydan örän owazly, iň beýik perdedäki yşky-liriki aýdym-sazlar galypdyr.

Bagşynyň dünýäsi

Türkmen ensiklopediýasynda hem beýleki taryhy çeşmelerde berilýän magumata görä, Durdy bagşy dünýä inenden, aýdym-sazyň arasynda kemala gelipdir. Onuň kakasy Sähetguly döwrüniň tanymal bagşysy bolupdyr.

Ol il arasynda tanalyp, kämillige ýetişen döwründe, Şükür bagşy, Aly bagşy, Ýegenoraz bagşy ýaly ussatlar bilen aragatnaşyk saklapdyr. Şahyr Dosmämmet bilen deň ösüp ulalypdyr. Atlary onçakly mälim bolmadyk şahyrlar Ysmaýyl hem Zahydy Durdy bagşynyň ýakyn dostlary ekeni.

Bagşynyň dünýä inen maşgalasyndan başlap, töwerek-daşyny bagşylar hem şahyrlar gurşapdyr.

Mekan

Gadym wagtdan 19-njy asyra gelýänçä, Änewe Bagabat diýlipdir. Gara baglyga bürelip oturany üçin, oňa Bagly oba diýen at galypdir.

Halk içinde ,,Ýa dag eteginde, ýa-da bag eteginde otur” diýen nakyl bar. Bagabatda olaryň ikisi-de jemlenipdir. Bagabat örän amatly şertde, dag hem çöl aralygyndaky baýyrlaryň eteginde ýerleşýär. Ol diýseň gözel ýer. Durdy bagşy şu gözellikde ösüp kemala gelýär.

Durdy bagşynyň döreden senedi şol gözellige laýyk, ol tebigatyň gözelligini aýdymlaryna hem sazyna siňdiripdir.

Durdy bagşynyň döredijilik gerimi giň bolupdyr. Ol owaly bilen şirin owazly bagşy hem kesgin elli sazanda ekeni.

Bagşy hem sazanda bolmak, öz gezeginde döretmek ukybyny talap edýär. Sebäbi halypadan öwrenen aýdym-sazyňa özbaşdak çemeleşmeli. Senediňi öz ukybyňa hem ses mümükinçiligiňe laýyk getirmeli. Bu zerurlyk bagşynyň döredijilik ukybynyň kämilleşmegine sebäp bolupdyr.

Dostluk

Bagşynyň zehininden diňe bir aýdym-saz däl, poeziýa – şygryýet sungaty-da gül açypdyr.

Şu meselede owaly bilen Dosmämmedi ýatlamak zerur. Watançy şahyr örän galagoply hem agyr durmuşy başdan geçirýär. Ol öz topragynyň azatlygy üçin gurban bolupdyr diýen rowaýat bar. Bag-bakjaly bu topraga kesekiler mydama göz gyzdyryp gelipdir.

Şol çaknyşyklar arasynda Dosmämmet şeýle diýýär.

Dosmämmеt diýr, köňlüm sеndеn üzülmеz,

Taryhda ýazylmyş, Änеw bozulmaz.

Watançy şahyr Durdy bagşymyň oglanlyk dosty hem ömürlik ýoldaşy bolupdyr. Bu barada bagşynyň ogly Annamyrat bagşydan gowy ýatlama bar.

Ol Dosmämmede aşa ýokary sarpa goýar ekeni. Her bir märekede aýdyma başlanynda, owaly Dosmämmediň goşgusyna döredilen aýdymlary aýdypdyr. Saldamly labyz bilen aýdylýan damana ýoluna Durdy bagşy ,,Dosmämmediň ýoly” diýer ekeni.

Durdy bagşynyň yhlasy bilen Dosmämmediň goşgularyna döredilen ,,Dözmenem”, ,,Bir gelin”, ,,Ýandyrar”, “Gara göz”, “Dosmämmet” ýaly aýdymlar halk arasynda ýaşap gelýär.

Onçakly tanalmaýan Ybraýym şahyr bilen bagşynyň dostlugyndan, ,,Suwa geledir” hem ,,Hal iki ýandan” ýaly, örän çeküwli hem owazly aýdymlar döräpdir.

Säherdäki owazlar

Eger ynsana bir senet aňry ýany bilen berlen bolsa, ol başga ugurlara-da ukyply bolýar. Halk arasynda aýdylyşy ýaly, beýle adamlaryň büresi-de bihal bolanok. Durdy bagşy babatda hem ýagdaý şeýledir.

Ol diňe sazanda ýa bagşy bolman, yşky-liriki poeziýadan – şahyrçylykdanam habarly. Maglumatlarda aýdylyşyna görä, halk arasynda meşhur bolan ,,Ak ýüzli maralym”, ,,Akja ýarym”, ,,Sona gelin”, ,,Senem”, ,,Zülpüň” ýaly aýdymlaryň goşgusyny Durdy bagşynyň özi düzüpdir.

Onuň döreden aýdymlarynda söz hem saz, owaz hem mukam biri-birine garyşyp gidýär.

Her nähilem bolsa, onuň taryha girmegindäki hyzmaty döreden sazlarynda bolsa gerek. „Durdy bagşyny“ diňläniňde, muňa aýdyň göz ýetirse bolýar.

Halk sazy derejesine ýeten ,,Durdy bagşy” ol ynsanyň ruhy dünýäsini hem döredijiligini özünde jemleýän aýratyn mukam. Saz, göwnüňe bolmasa, säher owazyna ýugrulan ýaly.

„Durdy bagşydan“ tebigatyň baý öwüşgini, aýratyn-da daň sazy gelip dur. Ol saz – kalbyň penjiresi. Ony diňläniňde, kalbyň howasy tämizlenýär.

Bu ýerde gadymy Bagabat jülgesiniň köp täsinligi duýulýar. Säherdäki guşlaryň, käkiligiň sesi eşidilýär. Owazlaryň arasyndan sülgüniň ganatlarynyň gyrmyzy öwüşgini ýalbyrap gidýär. Ol ýerde çeşmeleriň sesi hem dagyň howasy bar.

Bagşy bar zehinini hem ukybyny şol gözelligi aýan etmäge harçlapdyr.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG